Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Süleýman Rebbiň öýüniň daşky we içki otaglaryň, daşky diwarlaryna ýanaşdyryp, gapdal otaglaryny saldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Сүлейман Реббиң өйүниң дашкы ве ички отагларың, дашкы диварларына янашдырып, гапдал отагларыны салды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 6:5
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy.


Süleýman içki otaga zeýtun agajyndan gapylar ýasady. Gapylaryň germewleri we söýeleri bäş burçlydy.


Pürsler öýüň diwaryny deşmez ýaly, öýüň diwarynyň ýüzünden daş çykgytlar etdiler. Aşaky gatyň ini bäş tirsek, ortaky gatyň ini alty tirsek, üçünji gatyň ini ýedi tirsekdi.


Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe:


Soňra Dawut ogly Süleýmana öýüň eýwanynyň, jaýlarynyň, hazynalarynyň, üstküdir içki otaglaryň, Äht sandygyň gapagynyň nusgasyny berdi.


Çünki lewilerden bolan dört ýolbaşçy derwezeban Hudaýyň öýüniň otaglarynyň hem-de hazynalarynyň hem ýolbaşçysydylar.


Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar.


Soňra ruhanylar Rebbiň Äht sandygyny öz ýerine, Rebbiň öýüniň iň mukaddes otagyna, keruplaryň ganatlarynyň astyna getirip goýdular.


Syryklar şeýle uzyndy welin, hatda olaryň uçlary iň mukaddes otagyň öňündäki mukaddes ýerdenem görnüp durdy, ýöne daşardan görünmeýärdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.


Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar.


Şol gün ybadathana üçin berilýän gatançlaryň, ilkinji miweleriň we ondan birleriň saklanýan ammarlaryna gözegçiler goýuldy. Olar ruhanylar we lewiler üçin kanun tarapyndan galalaryň meýdanlaryna görä kesgitlenen paýlary ýygnamalydylar. Çünki ýahudalar ruhanylaryň we lewileriň hyzmatyndan hoşaldylar.


Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.


Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.


Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.


«Rekabyň kowumlarynyň ýanyna gidip, olar bilen gepleş we olary Rebbiň öýüniň otaglarynyň birine getir-de, şerap içir».


olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady.


Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy.


Içki derwezäniň daşynda, içki howluda iki otag bardy; bularyň biri demirgazyk derwezesiniň gapdalyndady we ýüzi günorta tarap bakýardy, beýlekisi günorta derwezesiniň gapdalynda bolup, ýüzi demirgazyk tarapa bakýardy.


Ol adam daşky otagyň öňündäki bu otagy ölçedi: uzynlygy-da, ini-de ýigrimi tirsekdi. Onsoň ol maňa: «Bu iň mukaddes otagdyr» diýdi.


Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ