Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýtmagynyň dört ýüz segseninji ýylynda, Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, ikinji aý bolan Ziw aýynda Rebbiň öýi gurlup başlandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ысрайылларың Мүсүрден чыкып гайтмагының дөрт йүз сегсенинҗи йылында, Сүлейманың патышалыгының дөрдүнҗи йылында, икинҗи ай болан Зив айында Реббиң өйи гурлуп башланды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 6:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman patyşanyň Reb üçin guran öýüniň uzynlygy altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsek, beýikligi otuz tirsekdi.


Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, Ziw aýynda Rebbiň öýüniň düýbi tutuldy.


Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber».


Ýohanandan Azarýa doguldy. Bu şol Süleýmanyň Iýerusalimde guran öýünde ruhanylyk eden Azarýadyr.


Süleýman patyşanyň Hudaý üçin guran öýüniň uzynlygy öňki ölçeg boýunça altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsekdi.


Olar bize şeýle jogap berdiler: „Biz Ýeriň we Gögüň Hudaýynyň gullary, köp ýyllar mundan öň gurlan öýi täzeden gurup ýörüs. Ony Ysraýylyň beýik patyşasy doly gurup gutardy.


Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.


Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.


Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň daşky otagyna getirip, onuň söýelerini ölçedi, onuň ini her ýandan alty tirsekdi; bu öňki mukaddes çadyryň giňligi ýalydy.


Daglyga gidiň-de, agaç getiriň we Meniň öýümi guruň. Şonda Men hoşal bolaryn, şöhratlanaryn, muny Reb diýýär.


Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler“». Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.


Reb Sinaý çölünde ysraýyl halkynyň Müsürden çykanynyň ikinji ýylynyň ikinji aýynyň birinji güni Özüne ýüz tutulýan çadyryň içinde Musa şeýle diýdi:


Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi.


Iň soňunda Hudaýa ybadathanany Süleýman gurdy.


Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Alkyşlar bilen dolup-daşyp, Mesihde kök uruň we bina ediliň, özüňize öwredilişi ýaly, imanda berk duruň.


Çünki Ybraýym Hudaý tarapyndan bina edilýän we gurulýan berk binýatly şähere garaşýardy.


Mesih indi amala aşan ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


Ysraýyllar eýýäm üç ýüz ýyl bäri Heşbonda we oňa degişli obalarda, Arogerde we oňa degişli obalarda hem-de Arnona ýakyn ähli galalarda ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şonça wagtlap ol galalary eýelemediňiz?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ