Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 5:6 - Mukaddes Kitap

6 Şoňa görä meniň üçin Liwanda kedr agaçlarynyň kesilmegini tabşyr. Meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Işçileriňe näçe diýseň, şonça-da hak töläýin; çünki özüň bilýärsiň, biziň aramyzda sidonlylar ýaly agaç kesip bilýän adam ýok».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Шоңа гөрә мениң үчин Ливанда кедр агачларының кесилмегини табшыр. Мениң ишчилерим сениң ишчилериң билен биле ишләрлер. Ишчилериңе нәче дийсең, шонча-да хак төләйин; чүнки өзүң билйәрсиң, бизиң арамызда сидонлылар ялы агач кесип билйән адам ёк».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 5:6
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar.


Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady; onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgerleri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.


Hiram Süleýmanyň sözlerini eşidende, gaty şatlanyp: «Bu uly halkyň üstünden patyşalyk eder ýaly, Dawuda şeýle akyl-paýhasly ogul beren Rebbe bu gün alkyş bolsun» diýdi.


Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy.


Içki otagyň uzynlygy-da, ini-de, boýy-da ýigrimi tirsekdi, oňa sap altyn çaýylandy. Ol şeýle hem kedr agajyndan ýasalan sypa-da altyn çaýdy.


Hiram öz emeldarlaryny Süleýmanyň emeldarlary bilen bile deňze belet bolan gämiçiler bilen iberdi.


Süleýman söweş arabalary bilen arabaly esgerleri toplady. Onuň bir müň dört ýüz söweş arabasy, on iki müň söweş arabaly esgeri bardy. Süleýman olaryň birnäçesini öz ýanynda Iýerusalimde, galanlaryny bolsa söweş arabalarynyň saklanýan galalarynda ýerleşdirdi.


Ine, men seniň agaç kesýän işçileriňe kyrk müň çuwal üwelen bugdaý, kyrk müň çuwal arpa, ýedi müň hum şerap we ýedi müň hum zeýtun ýagyny bererin».


Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar.


Şonuň üçinem olar daş ýonujylara, neçjarlara pul, sidonlylara we surlulara Liwandan deňiz üsti bilen Ýafo çenli kedr agaçlaryny getirmekleri üçin iýmit, içgi we zeýtun ýagyny berdiler. Olara bu zatlary etmäge Pars patyşasy Kureşden rugsat bardy.


Eý, Rebbiň sadyklary, Oňa nagmalar aýdyň; mukaddes adyna şükürler ediň.


Soňra olara: «Eger muny dogry hasaplasaňyz, onda muzdumy beriň, eger nädogry hasaplasaňyz, muzd gerek däl» diýdim. Şeýlelikde, olar maňa otuz kümüş teňňe çekip berdiler.


Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.


Mesih biziň her birimize sahylyk bilen peşgeşler eçildi.


Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi.


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ