Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шейдип, Реббиң какам Давуда: „Сениң ериңе тагтыңда отуртҗак оглуң Маңа ыбадат үчин өй гурар“ дийип айдышы ялы, мен Худайым Реббе ыбадат үчин өй гурайын диййәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 5:5
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hizkiýa gulak asmaň!“ Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer.


Meniň üçin öýi ol gurar, Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.


Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“.


Ine, seret, mukaddes öý gurmak üçin Reb seni saýlady. Berk dur-da, işi ýerine ýetir».


Ol maňa şeýle diýdi: „Ogluň Süleýman Maňa ybadathana hem-de howlular gurmaly adamdyr. Çünki Men ony Özüme ogul saýladym, Menem onuň Atasy bolaryn.


Ýurduňyzda howpsuz ýaşaryňyz ýaly, Meniň parzlarymy berjaý ediň, hökümlerime boýun boluň.


Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz.


Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.


Şol gün siz biri-biriňizi üzüm hem-de injir agaçlaryňyzyň aşagyna oturmaga çagyrarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr“».


Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer.


Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ