Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.
Süleýman bolsa Hirama onuň köşgündäkiler üçin azyk hökmünde kyrk müň çuwal bugdaý, ýedi müň hum sap ýag berdi. Süleýman Hirama her ýyl şunça azyk bererdi.
Meniň işçilerim agaçlary Liwandan deňze getirerler. Men olary bogduryp, deňiz üsti bilen akdyrdyp, aýdan ýeriňe eltdirip, şol ýerde çözdürerin. Sen gelip, olary äkidersiň. Sen hem meniň islegimi ýerine ýetirip, köşgümdäkileri azyk bilen üpjün et».
Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler. Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar.
Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Faraonyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz faraona nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz?