Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Sur patyşasy Hiram Süleýmanyň kakasynyň ornuna patyşalyga bellenendigini eşiden badyna, öz emeldarlaryny Süleýmanyň ýanyna iberdi; çünki Hiram Dawudyň hemişelik ýarany bolupdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Сур патышасы Хирам Сүлейманың какасының орнуна патышалыга белленендигини эшиден бадына, өз эмелдарларыны Сүлейманың янына иберди; чүнки Хирам Давудың хемишелик яраны болупды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 5:1
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.


Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togy öz ogly Ýoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togy bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Ýoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.


Süleýmanyň ýanyna gelen her kes ýylyň-ýylyna kümüşdir altyn enjamlardan, egin-eşiklerden, ýaraglardan, atyrlardan, atlardyr gatyrlardan ybarat bolan sowgatlaryny getirýärdi.


Şeýdip, Hiram Süleýmany kedr hem-de serwi agaçlary bilen üpjün etdi.


Süleýman patyşa ybadathananyň gurluşygy üçin bütin Ysraýyldan otuz müň işçini toplamagy buýurdy.


Sur patyşasy Huram Dawudyň ýanyna çaparlar bilen kedr agaçlaryny, kerpiç örüjileri hem agaç ussalaryny iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.


Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapada sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.


Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi.


Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken.


Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela


Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar.


Emma halkym sesime gulak asmady, Ysraýyl Maňa tabyn bolmady.


Çünki Men siziň öňüňizden başga milletleri kowup aýryp, serhetleriňizi giňelderin. Ýylda üç gezek Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna gelseňiz, hiç kim siziň ýeriňize göz dikip bilmez.


Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.


Hökümdara hasa bolar ýaly güýçli şahalary bardy, boýy belent bulutlara ýetdi; belentligi we bol şahalary bilen göze ilip durardy.


Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.


Ysraýyl meşiginden suwlar çogar. Tohumlary bol suw bilen suwarylar. Onuň patyşasy Agakdan-da beýik bolar. Patyşalygy bolsa has-da beýgeler.


Eger olar parahatçylygy kabul edip, size boýun bolsalar, onda ol ýerdäki ähli halk size mejbury hyzmat etsin.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ