Soňra serhet günbatar Bagaladan Segir dagyna tarap aýlanýar, demirgazykda Kesalon galanyň Ýegarym daglaryna çenli gidip, Beýtşemeşe tarap öwrülýär we Timnanyň üsti bilen aýlanyp geçýär.
Sygyrlar saga-sola sowuljak bolman, göni Beýtşemeşe barýan uly ýol bilen molaşyp gitdiler. Tä Beýtşemeşiň araçägine çenli piliştli hanlar olaryň yzyndan galmadylar.
Beýtşemeşliler: «Rebbiň, ýagny bu mukaddes Hudaýyň öňünde durup biljek barmy näme?! Ol bizden el çeker ýaly, biz sandygy kime ýollasakkak?» diýişdiler.
Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».