Bütin Ysraýylda Süleýmanyň on iki sany häkimi bardy. Olaryň hersi patyşany we onuň öý-içerisini, gezekli-gezegine, ýylda bir aý azyk bilen üpjün etmelidi.
Olar oňa Rebbiň buýrugy boýunça Efraýym daglygyndaky Timnatserah galasyny berdiler. Bu galany onuň özi sorapdy. Ýeşuwa bu galany täzeden gurup, ol ýerde ornaşdy.
Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Efraýym daglygynda bir lewi ýaşaýardy. Ol Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir gyrnak aýaly getirip, onuň bilen ýaşap başlady.