Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 4:29 - Mukaddes Kitap

29 Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Худай Сүлеймана деңиз кенарындакы чәге дей учурсыз акыл-пайхас, дуйгурлык хем-де дүшүнҗелилик берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 4:29
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ýusup deňiz çägeleri deý köp galla hasylyny toplady, hatda ol soňabaka olary ölçemesini-de goýdy.


Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.


Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.


Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy».


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler.


Gulum Dawudyň neslini we Maňa hyzmat edýän lewileri san-sajaksyz asman jisimleri kimin, ölçäp bolmaýan deňziň çägesi kimin köpelderin“».


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Zulum etmekde olaryň hyýaly, çölüň ýeli kimin öňe dyzaýar. Ýesirleri çäge kimin toplaýarlar.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ