Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 4:24 - Mukaddes Kitap

24 Çünki ol Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Чүнки ол Евфрат дерясының гүнбатарындакы әхли велаятларда, Типсадан Газа ченли болан аралыкдакы Евфрат дерясының гүнбатарындакы әхли патышаларың үстүнден хөкүм сүрйәрди. Ол төверегиндәки гоңшы юртларының әхлиси билен асудалыкда яшады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 4:24
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.


Ýöne häzir Hudaýym Reb maňa hemme tarapdan parahatçylyk berdi; mende ne ýagy, ne-de betbagtçylyk bar.


Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Onuň ady Süleýman bolar, Men onuň döwründe Ysraýyla parahatçylyk hem asudalyk bererin.


Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştlileriň ýurduna we Müsür serhedine çenli aralykda bolan ähli patyşalaryň üstünden höküm sürdi.


Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?»


Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Faraonyň Gazany ýeňmezinden öň, piliştliler hakynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar.


Günlerde bir gün Şimşon Gaza gelende bir loly aýala sataşyp, şonuň bilen gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ