Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 4:21 - Mukaddes Kitap

21 Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Сүлейман Евфрат дерясындан пилиштлилер юрдуна ве Мүсүр серхедине ченли болан бүтин юрда патышалык этди. Олар Сүлейманың өмрүниң ахырына ченли оңа салгыт төләп, хызмат этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 4:21
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


«Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis» diýdiler.


Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz.


Süleýmanyň köşgüniň bir günlük azygy, iki ýüz ýigrimi bäş batman ýokary hilli undan, dört ýüz elli batman adaty undan, on sany baga bakylan öküzden, ýigrimi sany ýaýlada bakylan öküzden, ýüz sany goýundan, ondan daşary-da sugunlardan, jerenlerden, saýgaklardan hem-de semiz guşlardan ybaratdy.


Çünki ol Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady.


Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi.


Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapada salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy.


Iýerusalime köp adamlar gelip, Rebbe sadakalar, Ýahuda patyşasy Hizkiýa gymmatbaha sowgatlar getirdiler. Şondan soň, Hizkiýa ähli milletleriň nazarynda beýgeldi.


Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken.


Ýaşaýyş kitabyndan olaryň ady bozulsyn, olar dogrular bilen bile, goý, ýazylmasyn.


Diýdim: «Beýik Hudaý indi tarapymyzy tutmaýar – bu meni lapykeç edýär».


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Çünki kim Onsuz iýip, lezzet alyp bilýär?


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Sen altyn-kümüş bilen bezeldiň, eşigiň nepis zygyr mata, gymmatbahaly we keşdeli matady. Höregiňe oňat un, bal we ýag iýdiň, owadanlygyňyň çeni-çaky bolman, şa aýalynyň derejesine ýetdiň.


Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar.


Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar.


Käbir ýaramaz adamlar bolsa: «Şolmy indi bizi gorajak?» diýşip, oňa pisint etmediler. Olar oňa sowgat-serpaý-da etmediler, ýöne Şawul olara üns bermedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ