Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шонуң үчинем халкыңы доландырар ялы, ягшы-яманы сайгарар ялы, Сен Өз гулуңа пәхим-пайхас бер, чүнки Сениң сан-саҗаксыз халкыңы ким доландырып билер?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 3:9
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

şa hezretleriniň sözi meni köşeşdirer“ diýip pikir etdim. Sebäbi ol Hudaýyň perişdesi ýaly, ýagşyny-ýamany seljerýär. Goý, Hudaýyň Reb seniň bilen bolsun!»


Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy.


Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin.


Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber».


Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?»


Paýhasly adamyň danalygy öz ýoluna düşünmegi üçindir, akylsyzyň akmaklygy bolsa aldawçylykdyr.


Danalyk almak altyndan gowudyr, paýhas kümüşden oňatdyr.


Diňleýän gulagy, görýän gözi – ikisinem Reb ýaradandyr.


Danalyk miras kimin gowudyr; dünýäde ýaşaýanlar üçin haýyrlydyr.


Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Emma Ýahýa Ony saklap: «Sen meni çümdürmeli welin, Seniň Özüň meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi.


Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.


Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur!


Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.


Şonuň üçin-de samsyk bolman, gaýtam, Rebbiň yradasynyň nämedigine düşüniň.


Çünki men siziň möhüm zatlary saýgaryp, Isa Mesihiň geljek gününde päk we müýnsüz bolmagyňyzy isleýärin.


Gaty iýmit bolsa, kemala gelenler üçindir. Olar öz gündelik tejribesinden öwrenip, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bilýändirler.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ