8 Guluň Seniň saýlan, san-sajaksyz halkyňyň arasyndadyr.
8 Гулуң Сениң сайлан, сан-саҗаксыз халкыңың арасындадыр.
Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.
Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi.
Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.
Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.
Dawut Ýowaba hem-de goşunbaşylara: «Gidiň-de, Beýerşebadan Dana çenli bolan ysraýyllary hasaba alyň-da, maňa habar beriň. Maňa ilatyň sany gerek» diýdi.
Men sizi ýalkap, size köp çaga berip, sanyňyzy köpelderin. Men siziň bilen eden ähtimi saklaryn.
Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.