Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Indi, eý, Hudaýym Reb, Sen guluň–meni kakam Dawudyň ýerine patyşa etdiň. Men ýolbaşçylyk etmäge ukyby bolmadyk, tejribesiz, ýaş oglandyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Инди, эй, Худайым Реб, Сен гулуң-мени какам Давудың ерине патыша этдиң. Мен ёлбашчылык этмәге укыбы болмадык, теҗрибесиз, яш огландырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 3:7
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.


Dawut şeýle diýdi: «Oglum Süleýman ýaş hem tejribesiz, Rebbe guruljak öý bolsa biçak gözel, bütin dünýäde meşhur hem-de şöhratly bolmalydyr. Şonuň üçinem men taýýarlyk görmelidirin». Şeýlelikde, Dawut ölmezinden öň, öýüň gurluşygy üçin taýýarlyk işleriniň uly tapgyryny ýerine ýetirdi.


Ine, senden bir ogul dünýä iner; ol asudalykda ýaşar. Men oňa töweregindäki ähli duşmanlaryndan dynçlyk bererin. Onuň ady Süleýman bolar, Men onuň döwründe Ysraýyla parahatçylyk hem asudalyk bererin.


Dawut halka şeýle diýdi: «Hudaýyň saýlany, oglum Süleýman heniz ýaş hem tejribesiz, edilmeli iş bolsa uly. Çünki ybadathana ynsan üçin däl-de, Hökmürowan Reb üçindir.


Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna, «Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.


Heläkçilikden öň adamyň ýüregi tekepbir bolýandyr, hormat pes göwünlilikden soň gelýär.


Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe!


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Bularyň hemmesi Nebukadnesar patyşanyň başyna geldi.


Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur.


Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.


Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.


Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.


Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.


«Men häzir bir ýüz ýigrimi ýaşymda. Mundan beýläk men baştutan bolup biljek däl. Reb maňa: „Sen Iordandan aňry geçmersiň“ diýdi.


Özlerine edenli baştutan bolup ýörensoň, tutuş Ysraýyl hem, Ýahuda hem Dawudy gowy görýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ