Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 3:26 - Mukaddes Kitap

26 Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Эмма чагасы дири галан аял: «Эй, җенабым, чаганы оңа бериң; оны асла өлдүрмәң!» диййәр. Чүнки ол аялың өз оглуна рехими инди. Йөне бейлеки аял: «Ол мениңки хем болмасын, сениңки хем болмасын, оны икә бөлүң» диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 3:26
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ýusup howlukmaçlyk bilen ol ýerden çykdy, çünki doganynyň didaryny görüp, onuň damagy doldy. Ol öz içki otagyna geçip aglady.


Ol: «Diri galan çagany iki bölüň-de, ýarysyny birine, ýarysyny-da beýlekisine beriň» diýýär.


Onsoň patyşa: «Diri galan çagany birinji aýala beriň, ony asla öldürmäň, ol onuň ejesidir» diýýär.


meni heläkçilik gorpundan, batgalyk laýyndan çykaryp aldy; aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup, Ol meniň ädimlerimi berkitdi.


Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda ene öz balasyny unutsa-da, Men seni unutmaryn.


Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Olar doňýürek, pähimsiz, ähtiýalan we rehimsizdir.


Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa,


doňýürek, geçirimlilik etmeýän, myjabatçy, özüne erk edip bilmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,


Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ