Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Adamlar seždegählerde gurbanlyk berýärdiler, çünki henize çenli Rebbe ybadat öýi salynmandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Адамлар сеждегәхлерде гурбанлык берйәрдилер, чүнки хенизе ченли Реббе ыбадат өйи салынманды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 3:2
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.


Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe Rebbe wepaly boldy.


Ýehoşapat Rebbiň nazarynda dogry işlerini edip, kakasy Asanyň ýollaryndan ýöräp, olardan çykmady. Emma Ýahudadaky seždegähler entek hem aýrylmandy. Halk entek hem seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardy.


Ýahuda patyşasy Ýehoşapat ysraýyl patyşasy bilen ýaraşyk baglaşdy.


«Özüň bilýärsiň, kakam Dawut töweregindäki uruşlar zerarly, duşmanlaryndan doly üstün çykýança, öz Hudaýy Rebbe ybadat öýüni gurup bilmedi.


Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň.


Emma Ysraýyldaky seždegähler ýok edilmändi. Muňa garamazdan, Asanyň ýüregi bütin ömründe wepaly boldy.


Halk entegem seždegählerde gurbanlyk hödür edýärdi, emma olar diňe öz Hudaýy Rebbe gurbanlyk hödürleýärdiler.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


Seresap boluň, ýakma gurbanlyklaryňyzy islän ýeriňizde berip ýörmäň.


Olar şeýle jogap berdiler: «Hawa, hanha, öňüňizden barýar. Eglenmäň. Onuň gala gelip durşy, sebäbi depelikdäki seždegähde bu gün halk gurbanlyk berýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ