Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 3:15 - Mukaddes Kitap

15 Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Сүлейман оянды, гөрсе, бу дүйш экен. Соңра ол Иерусалиме гелип, Реббиң Әхт сандыгының өңүнде дуруп, якма ве саламатлык гурбанлыкларыны берип, әхли эмелдарлары үчин мейлис гурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 3:15
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi.


Ýakup dagyň üstünde gurbanlyk berip, garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar naharlandylar we gije dagda ýatdylar.


Üç günden soň faraon öz doglan güni mynasybetli emeldarlary üçin meýlis gurady we baş saky bilen baş nan bişirijini-de zyndandan çykardyp, öz emeldarlarynyň öňünde duruzdy.


Soňra şol ýedi sany guran puç sümmül beýleki dok hem dykyz ýedi sümmüli iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ýene-de ukudan oýandy we munuň düýşüdigine düşündi.


Bir gün iki sany azgyn aýal gelip, patyşanyň huzurynda durdy.


Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.


Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler.


Ol aýal-erkek diýmän, ähli ysraýyllara bir bölek çörek, bir bölek et hem kişmiş paýlady.


Süleýman patyşa Rebbe gurbanlyk hökmünde ýigrimi iki müň öküz we bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler.


Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Madaýyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


Şol pursat men oýanyp seretdim welin, ukym şeýle süýji eken.


Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ