Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Eger sen meniň parzlarymdyr tabşyryklarymy berjaý edip, kakaň Dawut ýaly ýollarymdan ýöreseň, Men seniň ömrüňi-de uzaldaryn».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Эгер сен мениң парзларымдыр табшырыкларымы берҗай эдип, какаң Давут ялы ёлларымдан йөресең, Мен сениң өмрүңи-де узалдарын».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 3:14
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muňa garamazdan, Men bütin patyşalygy onuň elinden almaryn. Meniň tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý eden, Öz saýlan gulum Dawudyň hatyrasy üçin, Men Süleýmany ömrüniň ahyryna çenli patyşa ederin.


Çünki Dawut diňe hetli Uryýa eden ýamanlygyndan başga bütin ömrüne Hudaýyň nazarynda dogry işleri etdi. Ol Rebbiň özüne beren tabşyryklarynyň baryny ömürboýy berjaý etdi.


Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy.


Süleýman şeýle diýdi: «Guluň kakam Dawudyň ynamly, dogruçyl hem-de akýürekli bolany üçin, oňa beýik, sadyk söýgiňi görkezdiň. Bu gün oňa tagtynda oturmaga ogul berip, Öz beýik merhemetiňi görkezdiň.


Ol Meniň buýrukdyr hökümlerimi häzirkisi ýaly gyşarnyksyz berjaý etmegini dowam etdirse, Men onuň patyşalygyny ebedileşdirerin“.


Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Ol atasy Dawut ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi.


Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.


Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.


Saňa bil bagladylar atalarymyz; ynandylar, Sen hem halas etdiň olary.


Olar: «Reb dogrudyr, Ol meniň gaýam, Onda nähaklyk ýokdur!» diýip aýdarlar.


Uzak ömür onuň sag elinde, baýlyk hem şöhrat sol elinde.


Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar, abadanlygyňy köpelder.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin.


Hudaý Şawuly tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi we ol hakda şaýatlyk edip: „Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi.


Siziň diňe doly we dogry terezi daşyňyz, şeýle hem, hakyky ölçegiňiz bolsun. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerinde ömrüňiz uzak bolar.


Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň.


Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi.


Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ