Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 3:11 - Mukaddes Kitap

11-12 Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11-12 Худай оңа шейле дийди: «Өзүңе узак өмүр, байлык дилемән я-да душманларыңың өлүмини дилемән, эйсем ягшы-яманы сайгарар ялы акыл-пайхас диләниң үчин, Мен саңа дилән задыңы берйәрин. Мен саңа өңкүлериң хич биринде болмадык ве сенден соң хем хич кимде болуп билмеҗек акыл-пайхас, аң-дүшүнҗе берерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 3:11
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»


Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin. Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».


Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.


Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».


Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ