Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Сүлейман Мүсүр патышасы фараоның гызына өйленип, патыша билен гарындашлык ачды. Ол өз өйи, Реббиң өйи хем-де Иерусалимиң дашындакы диварлар салнып гутарылянча, аялыны Давут галасына гетирди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 3:1
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar.


Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy.


Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar.


Ysraýyllaryň Müsürden çykyp gaýtmagynyň dört ýüz segseninji ýylynda, Süleýmanyň patyşalygynyň dördünji ýylynda, ikinji aý bolan Ziw aýynda Rebbiň öýi gurlup başlandy.


Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy.


Süleýmanyň öz ýaşaýan öýi Tagt zalynyň ýeňse tarapyndaky howluda birmeňzeş gurluşda salnandy. Süleýman öz aýaly bolan faraonyň gyzyna-da şu zala meňzeş öý gurup berdi.


Süleýman Rebbiň öýüni, öz köşgüni hem-de gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurup gutaranda, Reb Gibgonda görnüşi ýaly, Süleýmana ikilenç göründi.


Süleýman iki öýi, ýagny Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy.


Faraonyň gyzy Dawut galasyndan çykyp, Süleýmanyň özi üçin guran öýüne geldi. Soňra Süleýman galanyň gündogar tarapyny täzeden dikeltdi.


Dawut galada mesgen tutdy. Şonuň üçin hem ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdylar.


Ýehoşapat örän baý we at-abraýlydy. Ol Ahap bilen guda boldy.


Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyny Dawut galasyndan onuň üçin guran köşgüne getirdi. Süleýman: «Aýalym Ysraýylyň patyşasy Dawudyň köşgünde ýaşamasyn, çünki Rebbiň sandygynyň bolan ýerleri mukaddesdir» diýdi.


Olar bize şeýle jogap berdiler: „Biz Ýeriň we Gögüň Hudaýynyň gullary, köp ýyllar mundan öň gurlan öýi täzeden gurup ýörüs. Ony Ysraýylyň beýik patyşasy doly gurup gutardy.


Biz ýene Seniň tabşyryklaryňy bozup, bu nejis işleri edýän halklar bilen garyndaşlyk açalymy? Seniň gahar-gazabyň biziň ýekejämizi hem aman galdyrman heläk eder.


Olaryň agtyklary Rebbiň jemagatyna girip biler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ