Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 22:8 - Mukaddes Kitap

8 Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Ысрайылың патышасы Ахап Ехошапада шейле җогап берди: «Ребден сорап гөрмәге ене бир пыгамбер бар, ол Йымла оглы Микая, йөне мен оны йигренйәрин. Ол маңа хич ягшы затлары пыгамберлик этмән, гайтам диңе бетбагтчылык хакында пыгамберлик эдйәр». Ехошапат: «Эй, патыша, бейле затлары дилиңе алма» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 22:8
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.


Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Ylýas Oňa şeýle diýip jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum, çünki ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, pygamberleriňi öldürdiler. Indi men ýeke galdym. Olar meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!


Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa biragyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.


Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapada: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.


Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».


Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.


Onsoň ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi.


Ýoram Ýehuwy görüp: «Ýehu, eýgilikmidir?» diýip sorady. Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýligi bilen eýgilik nireden bolsun?!» diýip jogap berdi.


Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Meni aýyplap, agyzlaryny giňden açýarlar: «Hä-ä, öz gözümiz bilen görendiris!» diýýärler.


Masgaralaýjy adam käýinji halaýan däldir, ol akyldaryň ýanyna hem gitmez.


Ganhor aýypsyz adamlary ýigrenýändir, hatda dogry adamlaryň janyny almakçy bolýandyr.


Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener. Akyldara käýe, ol seni söýer.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.


Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Ýegudy her parçany okanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen düýrlenen golýazmanyň şol bölegini kesip, ýanyp duran ojaga taşlaýardy, ol golýazmanyň hemmesini otda ýakyp bolýança, şeýle etdi.


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler, hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Eý, Ýakubyň nesli, heý: «Rebbiň sabyr käsesi doldumy? Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz? Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?


Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.


Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.


Men olara Seniň sözleriňi ýetirdim, dünýä bolsa olary ýigrendi. Çünki Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ