47 Edomda hiç patyşa ýokdy, diňe ýahuda patyşasy tarapyndan bellenen wekil bardy.
47 Эдомда хич патыша ёкды, диңе яхуда патышасы тарапындан белленен векил барды.
Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, ulusy kiçisine gul bolar».
Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulumyndan dynarsyň».
Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.
Asa seždegähleriň azgyn erkeklerini ýurtdan çykaryp, öz ata-babalarynyň ýasan ähli butlaryny ýok etdi.
Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda we Edom patyşalary bile ýola düşdüler. Olar ýedi günlük aýlawly ýoly geçenlerinden soň, pyýada goşun we olaryň ýanyndaky mallar üçin hiç hili suwlary galmady.
Ýehoramyň döwründe edomlylar gozgalaň turzup, Ýahudanyň gol astyndan çykdylar we özlerine bir patyşa goýdular.