Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 22:4 - Mukaddes Kitap

4 Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat ysraýyl patyşasyna: «Menem, halkam, atlaram seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ахап Ехошапатдан: «Сен мениң билен Рамотгилгада хүҗүм этмәге гидерсиңми?» дийип сорады. Ехошапат ысрайыл патышасына: «Менем, халкам, атларам сениң хызматыңдадырыс» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 22:4
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler.


Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi.


Ramotgilgat ülkesinde Bengeber (Bengeberde Manaşanyň ogly Ýaýyryň Gilgatdaky obalary bardy. Başandaky Argop etrabynda berk diwarly, derwezeleri bürünç gözenekli altmyş sany uly gala hem oňa degişlidi),


Ýoram Ýahuda patyşasy Ýehoşapada habar ýollap, ondan: «Mowap patyşasy maňa garşy uruş turuzdy. Sen meniň bilen Mowabyň garşysyna urşa gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat Ysraýyl patyşasyna: «Menem, esgerlerimem, atly goşunymam seniň hyzmatyňdadyrys» diýip jogap berdi.


Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat oňa: «Menem, halkam seniň hyzmatyňdadyrys. Uruşda seniň bilendiris» diýip jogap berdi.


Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.


Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar, akmak bilen gatnaşýan zyýana galar.


Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.


Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.


Oňa salam beren onuň erbet işlerine şärik bolýandyr.


Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ