Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 22:23 - Mukaddes Kitap

23 Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Ине, гөрйәңми, Реб сениң әхли пыгамберлериңи ялан сөзлетди. Реб сениң башыңа бела гетирер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 22:23
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň pygamber Ahap patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Meniň ölüme höküm eden adamymy eliňden goýberendigiň üçin seniň özüň onuň deregine ölersiň, onuň halkynyň başyna geljek bela seniň halkyňyň başyna geler“» diýdi.


Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdiň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».


Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.


Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.


Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.


Eger bir pygamber aldanyp, bir söz aýtsa, ol pygamberi aldawa salan Men-Rebdirin. Men oňa garşy elimi uzadyp, ony halkym Ysraýylyň içinden sogrup taşlaryn.


„Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ