Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 22:22 - Mukaddes Kitap

22 Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady. Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de, ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Реб ондан: „Нәдип?“ дийип сорады. Ол Реббе: „Мен гидерин-де, Ахабың әхли пыгамберлерини ялан сөзледерин“ дийип җогап берди. Онсоң Реб оңа: „Сен гит-де, оны ыр, сен муны башарарсың“ дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 22:22
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy.


Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat.


Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“.


Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Sen kakaňyň, ejeňiň pygamberleriniň ýanyna git» diýdi. Emma Ysraýyl patyşasy Ýoram oňa: «Ýok, Rebbiň hut özi bizi, üç patyşany diňe Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.


Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.


Gudratam, paýhasam Onuňkydyr, aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr.


Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar.


Eger bir pygamber aldanyp, bir söz aýtsa, ol pygamberi aldawa salan Men-Rebdirin. Men oňa garşy elimi uzadyp, ony halkym Ysraýylyň içinden sogrup taşlaryn.


Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Biz bolsa Hudaýa degişlidiris. Kim Hudaýy tanaýan bolsa, bize gulak asar. Kim Hudaýdan bolmasa, bize gulak asmaz. Hakyky Ruh bilen ýalan ruhy, ine, biz şeýdip saýgarýarys.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Perişde ony dowzaha taşlady-da, gulplap, üstünden möhürledi. Ol muny müň ýyl dolýança, aždarha gaýdyp milletleri aldamasyn diýip etdi. Müň ýyldan soň ol az wagtlyk boşadylmalydyr.


Müň ýyl dolandan soň, şeýtan tussagdan boşadylar.


Hudaýyň emri bilen Şekemiň ilaty Abymelegiň garşysyna gidip başlady.


Rebbiň Ruhy Şawuldan aýryldy. Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah ony gorkuzýardy.


Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly lira çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.


Bir gün Şawul eli naýzaly öz öýünde otyrdy, Dawudam oňa saz çalyp berýärdi. Birden Reb tarapyndan iberilen jyn-arwah Şawulyň üstüne indi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ