Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 22:14 - Mukaddes Kitap

14 Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Reb maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Микая: «Ребден ант ичйәрин, Реб маңа нәме дийсе, мен шоны хем айдарын» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 22:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Hudaýyň Rebden ant içýärin, jenap patyşanyň seni idäp, adam ibermedik ýurdy galmady. Her ýurduň baştutany: „Ylýas bu ýurtda däl“ diýip habar berende, Ahap oňa ant içirdi.


Ylýas: «Gulluk edýän Hudaýym Hökmürowan Rebden ant içýärin, men şu gün oňa hökman görnerin» diýdi.


Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa biragyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.


Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr.


Şeýdip, Ýermeýa pygamber bu sözleriň baryny Iýerusalimde Ýahuda patyşasy Sidkiýa ýetirdi.


Ýermeýa pygamber olara: «Bolýar, ine, aýdyşyňyz ýaly, men Hudaýyňyz Rebbe dileg ederin we Reb näme jogap berse, ony size aýan ederin. Sizden hiç zady ýaşyrmaryn» diýdi.


Bilgam Ballagyň adamlaryna şeýle jogap berdi: «Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, hiç hili uly ýa-da kiçi iş edip bilmerin.


Bilgam Ballaga: «Ine, men seniň ýanyňa geldim! Mende näme bir zat aýtmaga güýç barmydyr? Men diňe Hudaýyň agzyma salan sözlerini sözlärin» diýdi.


Bilgam olara: «Gijäni şu ýerde geçiriň, Reb maňa näme diýse, men ony size ýetirerin» diýdi. Şeýdip, mowaply emeldarlar Bilgamyň ýanynda galdylar.


„Ballak hatda öz öýündäki altyn-kümşüň baryny berse-de, men Hudaýym Rebbiň emrini bozup, öz erkime oňat iş hem, erbet iş hem edip bilmerin. Reb näme diýse, menem şony gaýtalaryn“ diýip aýtmanmydym?


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ