Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 22:11 - Mukaddes Kitap

11 Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şuny jar etdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Кенагананың оглы Сидкия өзүне демир шахлар ясап, шуны җар этди: «Реб шейле диййәр: „Сен шу шахлар билен сириялыларың үстүне хүҗүм эдип, олардан үстүн чыкарсың“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 22:11
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.


Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


Olar Meni ýigrenýänlere hemişe ‘Reb size parahatlyk bolar diýdi’ diýýärler. Kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerýänlere ‘Başyňyza betbagtlyk gelmez’ diýýärler.


Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.


‘Reb şeýle diýýär’ diýip, öz bilenlerini aýdýan pygamberlere Men garşydyryn“. Muny Reb aýdýandyr.


Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak.


Meniň adym bilen size ýalandan pygamberlik edýän Kolaýanyň ogly Ahap bilen Magaseýanyň ogly Sidkiýa hakda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olary Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline tabşyraryn. Ol hem gözüňiziň alnynda olary öldürer.


Goçuň günbatar, demirgazyk we günorta taraplara süsýändigini gördüm. Hiç bir haýwan onuň öňünde durup, hiç kim onuň elinden gutulyp bilmeýärdi. Ol islän zadyny edýärdi we gitdigiçe güýçlenýärdi.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Ol biziň ýanymyza gelip, Pawlusyň guşagyny aldy-da, öz el-aýagyny baglap: «Mukaddes Ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimdäki ýahudylar şu guşagyň eýesini şeýle baglap, keseki milletleriň eline bererler“» diýdi.


Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr, ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary. Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir, beýlekisi Manaşanyň müňüsidir. Ol halklary şahlary bilen süser, ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».


Ýannis bilen Ýambrisiň Musa garşy çykyşy ýaly, bu adamlar hem hakykata garşy çykýandyrlar. Olaryň pikiri bozuk, imanlary bolgusyzdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ