Benhadat Ahaba: «Men kakamyň seniň kakaňdan alan galalaryny yzyna gaýtaryp bererin. Kakamyň Samariýada bazarlar gurşy ýaly, sen hem Damaskda özüňe bazarlar gur» diýdi. Ahap: «Eger sen şu beren wadaňa wepaly bolsaň, men seni boşadaryn» diýdi. Şeýdip, Ahap Benhadat bilen äht baglaşyp, ony boşatdy.
«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».