Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 21:7 - Mukaddes Kitap

7 Aýaly Izebel oňa: «Ysraýyla patyşalyk edýän sen dälmi näme? Tur, naharyňy iý-de, göwnüňi hoşla; ýizregelli Nabodyň üzümçiligini saňa meniň özüm alyp bererin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Аялы Изебел оңа: «Ысрайыла патышалык эдйән сен дәлми нәме? Тур, нахарыңы ий-де, гөвнүңи хошла; йизрегелли Набодың үзүмчилигини саңа мениң өзүм алып берерин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 21:7
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýonadap Amnona: «Eý, şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýar-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi.


Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Naboda: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi».


Magtanyp ýöreýän horaz we teke, goşuny ýanynda bolan patyşa.


Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.


Patyşanyň sözi güýçlüdir. Kim oňa: «Näme edýärsiň?» diýip biler?


Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.


Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.


Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi.


Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy.


Şa siziň iň saýlama ýerleriňizi, üzümçilikleriňizi, zeýtun baglaryňyzy eliňizden alyp, öz hyzmatkärlerine berer.


Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň birçene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki milletlerde bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ