Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 21:5 - Mukaddes Kitap

5 Aýaly Izebel Ahabyň ýanyna gelip, ondan: «Sen hiç zat iýmän-içmän, näme beýle ynjalyksyz görünýärsiň?» diýip sorady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Аялы Изебел Ахабың янына гелип, ондан: «Сен хич зат иймән-ичмән, нәме бейле ынҗалыксыз гөрүнйәрсиң?» дийип сорады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 21:5
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.


Ýonadap Amnona: «Eý, şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýar-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi.


Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi.


Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi.


(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.


Ahap ýizregelli Nabodyň aýdan sözüne ýüzüni sortduryp, gaharly halda öýüne gaýtdy, çünki Nabot: «Atalarymyň mirasyny saňa bermerin» diýipdi. Ahap öýüne gelip, hiç zat iýip-içmezden düşegine geçip, ýüzüni ters öwrüp ýatdy.


Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Naboda: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi».


Onsoň patyşa maňa: «Syrkaw däl halyňa ne beýle ýüzüň salyk? Bu ýürek gussasyndan başga hiç zat däldir» diýdi. Men juda gorkdum.


Soňra Ester öz hyzmatynda durýan patyşanyň agtalaryndan biri bolan Hatagy çagyryp, oňa Mordekaýyň ýanyna baryp, nämeleriň bolýandygyny we sebäbiniň nämedigini bilmekligi tabşyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ