Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 21:3 - Mukaddes Kitap

3 Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эмма Набот Ахаба: «Ата-бабаларымдан галан мирасы саңа бермекден Худай сакласын!» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 21:3
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýusup olara şeýle diýdi: «Ýok, beýle iş etmekden Hudaýyň Özi saklasyn. Käse kimden çykan bolsa diňe şol maňa gul bolar, galanlaryňyz bolsa sag-salamat kakaňyzyň ýanyna dolanarsyňyz».


Olar şeýle diýdiler: «Näme sebäpden biziň jenabymyz beýle diýýärkä? Beýle iş etmändigimize biz ant içýäris.


Ol: «Meni beýtmekden sakla, ýa Hudaýym! Ýüregine daş baglap giden adamlaryň ganyny, heý-de, men içip bilerinmi?» diýip, suwdan içmek islemedi. Bu üç batyr ýigit şeýle edermenlikler görkezipdi.


Sizi aklamaryn asla, tä ölýänçäm, päkligimde galaryn.


Hökümdar halkyň mirasyndan alyp, olary mülklerinden mahrum etmeli däldir; Meniň halkymdan hiç bir kişi mülkünden kowulmaz ýaly, her kim ogullaryna öz mülkünden miras bermelidir».


Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz.


Ysraýyllaryň mülki bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ähli ysraýyllar öz tireleriniň mülküne eýelik etsinler.


Hiç bir mülk bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ysraýyl tireleriniň her biri öz mülküne eýelik etsin“».


Onda näme? Iman arkaly Musanyň Kanunyny ýatyrýarysmy? Ýok! Tersine, biz ony berkarar edýäris.


Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň, Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».


Elbetde, ýok! Hudaý adyldyr. Eger şeýle bolmasa, Ol heý-de dünýä kazylyk edip bilermi?!


Indi näme? Biz indi Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýarynda diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok!


Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?


Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy.


Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.


Eýsem siz öz bedeniňiziň Isa Mesihiň bedeniniň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Indi Mesihiň agzasyny alyp, ony bir loly bilen birikdireýinmi? Asla etmen!


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


Mukaddes çadyryň öňünde duran Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga üýtgeşik gurbanlyk sypasyny gurmak we onda ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa-da mal sadakasyny berip, Rebbi äsgermezlik edip, Ony ret etmeklik bizden daş bolsun!»


Soňra adamlar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Biz hiç wagt Rebbe dönüklik etmeris! Başga hudaýlara gulluk etmek bizden daş bolsun!


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


Muňa Dawudyň ýüregi gopan ýaly bolup gitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ