Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 21:2 - Mukaddes Kitap

2 Bir gün Ahap Naboda: «Maňa gök önüm ekmäge ýer bolar ýaly üzümçiligiňi maňa ber, çünki seniň üzümçiligiň meniň köşgüme ýakyndyr. Men onuň deregine saňa ondan has oňat bag bereýin. Eger isleseň, men saňa onuň bahasyny kümüş bilen töläýin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Бир гүн Ахап Набода: «Маңа гөк өнүм экмәге ер болар ялы үзүмчилигиңи маңа бер, чүнки сениң үзүмчилигиң мениң көшгүме якындыр. Мен онуң дерегине саңа ондан хас оңат баг берейин. Эгер ислесең, мен саңа онуң бахасыны күмүш билен төләйин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 21:2
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Seraýa: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Seraý Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.


Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.


Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi.


Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Naboda: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi».


Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi.


Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


özüme bakjalar we seýil baglaryny edindim; olarda her hili miweli agaçlary ekdim.


Sen bag çeşmesisiň, şypaly suw guýusysyň, Liwanyň akar suwusyň.


Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.


Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.


Çünki siziň gidip, mülk edinjek ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Siz Müsürde ýere tohum ekip, gök-bakja ideg eden ýaly, ony zor aýakdan suwarardyňyz.


Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme“.


Baýamakçy bolýanlar bolsa synaga düşüp, akmak we erbet höwesleriň toruna çolaşýandyrlar. Bu höwesler olary weýrançylyga we heläkçilige uçradýandyr,


Şondan soň Akyş han Dawudy çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, sen bir dogruçyl adam. Maňa galsa seniň bilen bile söweşe giderdim. Ýanyma gelen günüňden tä şu güne çenli senden ýaramazlyk çykanyny görmedim. Şonda-da hanlara ýaranyp bilmeýärsiň.


Şa siziň iň saýlama ýerleriňizi, üzümçilikleriňizi, zeýtun baglaryňyzy eliňizden alyp, öz hyzmatkärlerine berer.


Ysraýyl ýaşulularynyň: «Bize hökümdarlyk eder ýaly patyşa belle» diýen sözi Şamuwele ýaramady. Şamuwel Rebbe dileg etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ