Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 20:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň ysraýyl patyşasy ýurduň ähli ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle ýüzlendi: «Serediň! Bu adam pislik agtarýar! Ol çaparlar ýollap, meniň aýallarymy, ogullarymy, altyn-kümşümi talap etdi, men-de boýun gaçyrmadym».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Онсоң ысрайыл патышасы юрдуң әхли яшулуларыны чагырып, олара шейле йүзленди: «Середиң! Бу адам пислик агтаряр! Ол чапарлар ёллап, мениң аялларымы, огулларымы, алтын-күмшүми талап этди, мен-де боюн гачырмадым».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 20:7
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muňa garamazdan, men ertir şu wagtlar emeldarlarymy seniň ýanyňa ibererin. Olar seniň köşgüňi we seniň adamlaryň öýlerini döküp, gözlerine ýakan zatlaryny alyp gaýdarlar“» diýdi.


Onsoň ähli ýaşulular we halk Ahaba: «Benhadada gulak asma we onuň bilen ylalaşma» diýdiler.


Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi.


Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady.


Ysraýyl patyşasy bu haty okap: «Jan alyp, jan berer ýaly men Hudaýmy? Näme üçin bu adam ýanyma adam ýollap, ony deri keselinden gutult diýýär? Ol meniň bilen dawalaşmaga bahana gözleýär» diýip, ýakasyny ýyrtyp gygyrdy.


Dawut müňbaşylardyr ýüzbaşylar we her bir baştutan bilen geňeşdi.


Dawut Ysraýylyň ähli baştutanlaryny: tirebaşylary, patyşa gullugyndaky bölümleriň goşunbaşylaryny, müňbaşylardyr ýüzbaşylary, patyşanyň hem-de ogullarynyň mülklerine, mallaryna seredýänleriň baştutanlaryny, köşk emeldarlaryny, edermen esgerleri we batyr ýigitleriň ählisini Iýerusalime toplady.


Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar, içleri hem hileden doludyr».


Huzuryňda dogam saýylsyn hoşboý tüsse deý, ellerimi galdyryşym – agşam gurbanlygy deý.


Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.


Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin, mukaddes öýüňde Saňa seretdim.


Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar.


Maslahatsyz millet heläk bolýandyr, maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.


Ýagşylyk gözleýän merhemet gazanýar, ýamanlyk gözleýän ýamanlyga ýeter.


Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.


Ýüreginde mekir niýet bar, mydama dawa-jenjel turuzýar.


Bu patyşalaryň ikisiniň-de ýüreginde erbet niýet bolar. Olar bir saçagyň başynda bile oturyp, ýalan sözlärler, ýöne bu ýol almaz, çünki munuň soňy bellenen wagtda geler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ