Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 20:4 - Mukaddes Kitap

4 Ysraýyl patyşasy Ahap Benhadada şeýle jogap berdi: «Eý, meniň jenap patyşam, seniň aýdyşyň ýaly bolar; men we meniň ähli zadym seniňkidir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ысрайыл патышасы Ахап Бенхадада шейле җогап берди: «Эй, мениң җенап патышам, сениң айдышың ялы болар; мен ве мениң әхли задым сениңкидир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 20:4
10 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şimgi patyşa: «Seniň aýdýan zatlaryň mamladyr, jenabym. Guluňyz–men edil aýdyşyňyz ýaly hem eder» diýdi. Şeýdip, Şimgi esli wagtlap Iýerusalimde ýaşady.


Benhadat Ahaba: «Seniň kümşüň, altynyň meniňkidir; seniň iň owadan aýallaryň we iň güýçli ogullaryň-da meniňkidir» diýdi.


Çaparlar ýene-de Ahabyň ýanyna dolanyp gelip: «Benhadat şeýle diýýär diýdiler: „Men saňa adam iberip, kümşüňi, altynyňy, aýallaryňy, çagalaryňy maňa getirip ber diýdim.


Şeýdip, köşgi dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň gullaryň, biz seniň diýeniň bilen bolarys. Biz hiç kimi patyşalyga bellemeris. Özüň nämäni makul bilseň, şony-da et» diýdiler.


Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz.


Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer.


Ýabeşliler Nahaşa: «Ertir biz size boýun egeris, siz bize islän zadyňyzy edip bilersiňiz» diýip jogap berdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ