Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 20:1 - Mukaddes Kitap

1 Siriýanyň patyşasy Benhadat özüniň bütin goşunyny toplady. Onuň ýanynda atlar, söweş arabalary bilen birlikde otuz iki sany han bardy. Ol Samariýa garşy ýöriş edip, onuň daşyny gabap, gala hüjüm etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Сирияның патышасы Бенхадат өзүниң бүтин гошуныны топлады. Онуң янында атлар, сөвеш арабалары билен бирликде отуз ики саны хан барды. Ол Самария гаршы йөриш эдип, онуң дашыны габап, гала хүҗүм этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 20:1
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalarynda galan ähli kümüşdir altyny alyp, olary öz köşk emeldarlaryna berdi. Asa olary Tabrymmonyň agtygy, Hezýonyň ogly, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.


Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelbeýtmagakany, tutuş Naftaly ýurdy bilen birlikde bütin Kinneredi basyp aldy.


Omry Samariýa baýyrlygyny Şemerden üç ýarym batman kümşe satyn alyp, baýyrlykda şäher gurup, baýyrlygyň eýesi Şemeriň adyna görä guran şäherine Samariýa diýip at dakdy.


Welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerler günortan hüjüme başladylar. Benhadat bolsa özi bilen ylalaşyk baglaşan otuz iki patyşa bilen çadyrda şerap içip, serhoş bolup otyrdy. Benhadadyň Samariýa iberen esgerleri oňa: «Bir topar esgerler Samariýadan çykyp gelýärler» diýip habar berdiler.


Benhadat gala ysraýyl patyşasy Ahaba çaparlardan şeýle habar ýollady.


Sen şeýle hem patyşalary aýryp, olaryň ýerine welaýat häkimlerini belle.


Siriýa patyşasy öz söweş arabalarynyň otuz iki serkerdesine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, eýsem ýalňyz Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy.


Siriýa patyşasy Ysraýylyň garşysyna uruşýarka öz nökerleri bilen geňeşip, olara düşelgesiniň nirede boljakdygyny aýtdy.


Geýhazy Elýaşanyň ölüni direldişi barada gürrüň berip otyrka, Elýaşa tarapyndan ogly direldilen aýal patyşadan öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramaga geldi. Geýhazy hem: «Eý, jenap patyşam, ine, bu şol diýen aýalym bilen Elýaşanyň direlden oglany» diýdi.


«Şalaryň şasy Artakserksden Gögüň Hudaýynyň kanunlaryny ýazýan Ezra ruhana dogaýy salam!


Ol alty ýüz sany iň saýlama söweş arabalaryny we Müsüriň ähli beýleki söweş arabalaryny aldy. Olaryň hersiniň öz onbaşysy bardy.


Ol şeýle diýýär: «Leşgerbaşylarymyň ählisi patyşa dälmi näme?


Hyzmatkärleriň üsti bilen Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: ‘Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň beýik depesine, gür jeňňeline baryp ýetdim.


Damask diwaryny oda ýakaryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp ýok eder».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin.


Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gögüň Hudaýy saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi.


Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.


Muňa görä Hazaýylyň köşgüne ot ýagdyraryn, ot Benhadadyň galalaryny ýakyp kül eder.


Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir.


Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar.


Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; ol şol ýerde öldi.


Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demir söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi.


Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ