Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Sen pähim-paýhasyňa görä hereket et. Ýowap garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Сен пәхим-пайхасыңа гөрә херекет эт. Ёвап гаррылык чагында өлүлер дүнйәсине асудалыкда инмесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:6
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup: «Oglumy siziň bilen iberjek däl, çünki onuň agasy ölüp, ýeke özi galdy. Eger ýolda Benýamin bir betbagtçylyga uçraýsa, siz meni garrylyk çagymda ölüler dünýäsine hasrat bilen iberersiňiz» diýdi.


Siziň ganyňyzy dökene ölüm jezasyny bererin. Adam öldüren islendik haýwana ýa-da ynsana Men jeza bererin.


Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr.


Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.


Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler.


Emma sen Şimgini jezasyz galdyrma, çünki sen paýhasly adamsyň we oňa näme etmelidigiňi özüň bilersiň. Şimgi garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin».


Indi Men seni atalaryňyň ýanyna ýygnaryn, sen asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.


Akylly patyşa erbetleri sowrup, olaryň üstünde döwek döwýär.


Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.


Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.


Reb: «Pislere rahatlyk ýokdur» diýýär.


Olar rahatlyga gowuşýarlar; dogrulykda gezýänler öz ýerlerinde dynç alýarlar.


Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.


Onda birnäçe gün ýaşap ölen bäbekler, ýa-da uzak ömür sürmedik gojalar bolmaz; ýüz ýaşynda ölen ýaş saýylar, näletlenen saýylar ýüz ýaşa ýetmedik.


Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ