Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:5 - Mukaddes Kitap

5 Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Шейле хем Серуяның оглы Ёвабың маңа нәме эденини хем-де онуң Ысрайылың ики гошунбашысыны Нериң оглы Абнери хем-де Етериң оглы Эмасаны өлдүрип, нәме эденини өзүң билйәнсиң. Ол уруш вагтындакы ган үчин асудалык вагтында ар алып, олары өлдүрди. Ёвап эшиклерини уруш дөврүндәки ялы гана булады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:5
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom Emasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Emasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi.


Emma ol adam Ýowaba şeýle diýdi: «Müň kümüş berselerem, patyşanyň ogluna el galdyrmazdym, sebäbi patyşa: „Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy goraň“ diýip, saňa, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berendigini öz gulagymyz bilen eşitdik.


Ýowap: «Men seniň bilen beýdip, wagt ýitirip durup bilmerin» diýdi-de, üç sany naýza alyp, heniz dubda sallanyp duran diri Abşalomyň ýüreginden geçirdi.


«Meniň hatyrama ýaş ýigit Abşalomy gorap saklaň» diýip, patyşa Ýowaba, Abyşaýa hem-de Ytaýa buýruk berdi. Abşalom barada şanyň baştutanlaryna beren bu buýrugyny bütin goşun eşitdi.


Seruýanyň ogly Ýowap bolsa Dawudyň adamlary bilen çykyp, Gibgon howdanynyň ýanynda olar bilen gabatlaşdy. Bu iki toparyň hersi howdanyň bir tarapynda ýerleşdi.


Seruýanyň üç ogly Ýowap, Abyşaý, Asahel dagy şol ýerdedi. Asahel edil keýik ýaly ýyldamdy.


Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar.


Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.


Adonyýa Seruýanyň ogly Ýowap we Abýatar ruhany bilen dil düwüşdi. Şeýdip, ol ikisi Adonyýanyň tarapynda boldy.


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Etegiň-de bigünä garybyň ganyna boýalan, ony sen ogurlykda tutmadyň ýogsam. Bu zatlaryň baryna garamazdan,


Olar özlerini bihaýa alyp baryp, nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar. Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler. Şonuň üçin olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Onuň iýmiti çekirtge bilen meýdan balydy.


„Gizlinlikde adam öldürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ