Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:32 - Mukaddes Kitap

32 Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Реб онуң бу дөкен ганыны өз башындан индерер. Чүнки ол өзүнден-де догручыл хем-де говы ики адамы, ягны Ысрайылың гошунбашысы, Нериң оглы Абнер билен Яхуданың гошунбашысы Етериң оглы Эмаса билен уршуп, олары өлдүрди, какам Давудың болса мундан хабары ёкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:32
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi sen näletlendiň we doganyňyň seniň eliň bilen dökülen ganyny özüne siňdiren toprakdan mahrum bolduň.


Ruben olara şeýle diýdi: «Men size „oglana sütem etmäň“ diýdim, emma siz maňa gulak asmadyňyz. Ine, indi bizden onuň ölümi üçin ar alynýar».


Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr.


Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.


Abşalom Emasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Emasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi.


Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi.


Neriň ogly Abneriň ölüminde Dawudyň eliniň ýokdugyna tutuş goşun we ähli ysraýyl halky şol gün göz ýetirdi.


Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.


Heý, onsoň siz – zalymlar bir bigünäni öz öýünde, öz düşeginde öldürersiňiz-de, sizi ýer ýüzünden ýok edip, onuň hununy sizden almarynmy?» diýdi.


Patyşa sözüni dowam etdirip: «Kakam Dawuda eden ähli ýamanlyklaryňy özüň bilýänsiň. Şol eden ýamanlyklaryňy Reb seniň öz başyňdan inderer.


Şeýle hem Seruýanyň ogly Ýowabyň maňa näme edenini hem-de onuň Ysraýylyň iki goşunbaşysyny Neriň ogly Abneri hem-de Ýeteriň ogly Emasany öldürip, näme edenini özüň bilýänsiň. Ol uruş wagtyndaky gan üçin asudalyk wagtynda ar alyp, olary öldürdi. Ýowap eşiklerini uruş döwründäki ýaly gana bulady.


şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.


Ine, Reb seniň halkyň, çagalaryň, aýallaryň, ähli mal-mülküň başyndan agyr külpet inderer.


Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we madaýlaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin.


Ol gazýar bir çukur, ony çuňaldýar, gazan çukuryna-da onuň özi düşýär.


Öz ýamanlygy inýär onuň başyna, zalymlygy inýär öz depesine.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz barlygymdan ant içýärin! Men ol tarapdan biperwaý garalan antymy we bozulan ähtimi onuň öz başyna getirerin.


Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz.


Bu Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň nähak ganyny döken Abymelekden we oňa muny etmäge goltgy beren Şekem ilatyndan ar almak üçin şeýle boldy.


Şekemiň ilatynyň eden ähli jenaýatçylygyny Hudaý olaryň öz başlaryna saldy. Olary Ýerubagalyň ogly Ýotamyň gargyşy tutdy.


Şamuwel oňa şeýle diýdi: «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ