Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Öz Hudaýyň Reb näme buýursa, ony ýerine ýetir; Rebbiň ýollaryndan ýöräp, Onuň parzlaryny, tabşyryklaryny, hökümlerini hem-de öwüt-ündewlerini Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly berjaý et. Şonda sen näme etseň-de, nirä gitseň-de, işiň şowuna bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Өз Худайың Реб нәме буюрса, оны ерине етир; Реббиң ёлларындан йөрәп, Онуң парзларыны, табшырыкларыны, хөкүмлерини хем-де өвүт-үндевлерини Мусаның канунында язылышы ялы берҗай эт. Шонда сен нәме этсең-де, нирә гитсең-де, ишиң шовуна болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:3
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.


Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi. Ýöne ol seždegählerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakdy.


Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy.


Seniň tabşyryklaryňy, düzgünleriňi, parzlaryňy – şularyň hemmesini berjaý eder ýaly, meniň taýýarlyk gören ybadathanamy gurary ýaly, oglum Süleýmana sadyk ýürek ber».


Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni.


Men indi bilýärin: Öz seçip-saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Siz ýedi gije-gündiziň dowamynda Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bolup, Rebbiň buýrugyny berjaý ediň, ýogsam ölersiňiz. Maňa Rebbiň buýrugy şeýledir».


Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.


Biz olaryň ýerini alyp, rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk edip berdik.


Şonuň üçin hem, edýän her bir işiňizde üstünlik gazanar ýaly, bu ähtiň şertlerini yhlas bilen ýerine ýetiriň.


«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.


Ine, Müsürden çykanlaryndan soň Musanyň ysraýyllara aýdan düzgünleri, parzlary we hökümleri.


Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.


Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik millet barmyka?


Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.


Emma Rebbiň guly Musanyň size beren buýruklaryny we kanunyny doly berjaý ediň. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, ähli ýerde Onuň ýolundan ýöräň, tabşyryklaryny ýerine ýetiriň, Oňa bil baglaň we bütin ýüregiňiz bilen jan-tenden Oňa gulluk ediň».


Şonuň üçin hem Musanyň Kanun kitabyndaky ýazylanlaryň baryna boýun egip, ony doly ýerine ýetirmekde örän mert duruň. Ondan hiç ýana sowulmaň.


Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.


Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki goşunbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.


Dawut Şawul özüni nirä iberse gitdi, baran ýerinde-de işi şowuna boldy. Netijede, Şawul ony öz goşunbaşysy edip goýdy. Mundan ähli halk-da, Şawulyň hyzmatkärleri-de hoşal boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ