Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:26 - Mukaddes Kitap

26 Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Патыша Абятар рухана шейле дийди: «Бар, өз Анатотдакы ериңе гит, чүнки сен яшамага мынасып дәлсиң. Эмма мен сени шу вагт өлдүрҗек дәл, чүнки сен какам Давудың өңүнде Хөкмүрован Реббиң сандыгыны гөтердиң, сен какамың әхли мушакгатлыкларыны дең чекишдиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:26
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Baýa juda gahary gelip, Dawut Natana: «Rebden ant içýärin, bu adamyň başy ölümlidir.


Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.


Adonyýa Seruýanyň ogly Ýowap we Abýatar ruhany bilen dil düwüşdi. Şeýdip, ol ikisi Adonyýanyň tarapynda boldy.


Patyşa onuň ýerine Ýehoýadanyň ogly Benaýany goşunbaşy edip belledi. Abýataryň deregine bolsa, Sadogy ruhanylyga belledi.


Bar sesiňe gygyr, eý, Gallym gyzy! Gulak goý, eý, Laýşa! Eý, görgüli Anatot!


Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.


Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».


Başymdan geçiren synaglarymda Meniň ýanymda bolan sizsiňiz.


Eýsem başdan geçirenleriňiziň bary biderek bolaýdymyka? Wah, elbetde biderek däl!


Anatody we Almony, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile jemi dört gala.


Ysraýyla ediljek ýagşylyklara göripçilik bilen seredersiňiz. Siziň nesliňiz hiç wagt uzak ömür sürmez.


Bu eden işiňiz gowy däl. Rebden ant içýärin, sen ölüme mynasyp, sebäbi sen öz jenabyňa, Rebbiň seçip-saýlan adamyna gözegçilik edip bilmediň. Ine, seret, patyşanyň başujundaky naýzasy bilen suw küýzesi nirede?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ