Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:24 - Mukaddes Kitap

24 Meni dikeldip, kakam Dawudyň tagtynda oturdan, wada berşi ýaly maňa we meniň nesillerime patyşalygy beren Rebden ant içýärin. Adonyýa hut şu günüň özünde öldüriler!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Мени дикелдип, какам Давудың тагтында отурдан, вада берши ялы маңа ве мениң несиллериме патышалыгы берен Ребден ант ичйәрин. Адоныя хут шу гүнүң өзүнде өлдүрилер!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:24
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“».


„Sebäbi, eý, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb, Seniň nesliňi baky berkarar ederin“ diýip, guluňa Özüň aýan etdiň. Şoňa görä-de, guluň Saňa ýüzlenip, şu dilegi okamaga milt etdi.


Patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Janymy her muşakgatdan gutaran Reb muňa şaýatdyr:


Süleýman şeýle jogap gaýtardy: «Eger ol özüni laýyk alyp barsa, onuň ýekeje gylam gymyldamaz, eger-de ondan bir pislik tapylaýsa, onda ol öler».


Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Halkym Ysraýyla serdarlar bellän döwrümden bäri sütem edişleri ýaly, betgylyk adamlar indi olara sütem etmezler. Men ähli duşmanlaryňy boýun egdirerin. Men-Reb seniň üçin bir öý bina etjekdigimi jar edýärin.


Ýa Hudaýymyz Reb, bu zatlary hem az görýän ýaly, Sen Öz guluň nesliniň geljegi hakynda hem söz berdiň. Sen maňa belent mertebeli adam ýaly garaýarsyň, ýa Hudaýymyz Reb!


Indi bolsa, Sen, ýa Reb, Öz guluň hem onuň nesli hakda aýdan sözüňi ebedi sakla-da, diýşiň ýaly et!


Ol Maňa öý gurar. Ol Maňa ogul bolar, Men oňa Ata bolaryn. Men Ysraýylyň üstünden onuň şalyk tagtyny müdimilik berkarar ederin“.


Kakasy Dawudyň patyşalygyny miras alyp, Süleýman Rebbiň beren tagtynda oturdy. Onuň işi rowaç aldy, tutuş Ysraýyl oňa eýerdi.


Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!


Göbegeneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi.


Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.


Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ