Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Onsoň Süleýman patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Eger Adonyýa bu sözleri üçin öz jany bilen jogap bermese, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Онсоң Сүлейман патыша Ребден ант ичип, шейле дийди: «Эгер Адоныя бу сөзлери үчин өз җаны билен җогап бермесе, Худай маңа-да муны ве мундан хем бетерини гөркезсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:23
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Soňra ähli halk Dawudyň ýanyna gelip, Gün batmazdan öň bir zatlar garbanmagy teklip etdiler. Emma Dawut: «Eger Gün ýaşýança çörek iýsem ýa-da başga bir zat datsam, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýip ant içdi.


Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».


Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi.


Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samariýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samariýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin».


Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapadyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Meni gora olaryň duzaklaryndan hem-de betkärleriň – gapanlaryndan.


Deňizleriň tupan-harasadyny, onuň tolkunlarynyň güwwüldisini, halklaryň tolgunmasyny ýatyrýan Sensiň.


Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.


Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder.


Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdan çykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenli adamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimi orýanymy bilýärmidiň?


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ