Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:22 - Mukaddes Kitap

22 Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Сүлейман патыша эҗесине шейле җогап берди: «Сен нәме үчин шунемли Абышагы Адоныя үчин сораярсың? Онуң үчин патышалыгы хем сора! Чүнки ол мениң улы доганымдыр; патышалыгы диңе онуң үчин дәл-де, эйсем Абятар руханы билен Серуяның оглы Ёвап үчин хем сора!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:22
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men saňa hojaýynyňyň hojalygyny berdim, aýallaryny gujagyňa saldym. Saňa ysraýyl bilen ýahuda halkyny hem berdim. Bulary az gören bolsaň, onda ýene-de köp zatlary bererdim.


Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi.


Soňra Natan pygamber Süleýmanyň ejesi Batşeba şeýle diýdi: «Sen Hagytyň ogly Adonyýanyň patyşa bolandygyny we jenabymyz Dawudyň mundan habarynyň ýokdugyny eşitmediňmi?


Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi.


Üçünji ogly Geşur şasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalom, dördünji ogly Hagytdan bolan Adonyýa;


Bular Dawut Iýerusalimdekä doglanlardyr: Şimga, Şobap, Natan, Süleýman; olar Emiýeliň gyzy Batşebadan bolan dört oguldylar.


Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.


Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Meniň içjek hasrat käsämden siz içip bilersiňizmi? Meniň hasratyma çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi.


Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ