Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:15 - Mukaddes Kitap

15 Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Адоныя шейле дийди: «Сен билйәрсиң, мен патыша болмалыдым, бүтин ысрайыл халкы мениң патыша болмагыма гарашярды. Эмма бу башгача болды, мениң иним патыша болды, чүнки бу патышалык Ребденди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:15
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut aýaly Batşeba göwünlik berdi we onuň bilen ýatdy. Batşeba bir ogul dogurdy; Dawut onuň adyna Süleýman dakdy. Reb çagany söýdi


Bir çapar gelip: «Ysraýyllaryň ýüregi Abşaloma baglanypdyr» diýip, Dawuda habar berdi.


Abşalom şanyň ýanyna arz-şikaýat bilen gelen her bir ysraýylly bilen şeýle ederdi. Şeýdip, ol ysraýyl halkyna özüni aldyrdy.


Huşaý: «Ýok, Rebbiň we şu adamlaryň, hem-de tutuş Ysraýylyň saýlan adamynyň tarapynda boljak, şonuň ýanynda galjak.


Ikinjisi karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan bolan Kilapdy, üçünjisi Geşur patyşasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalomdy.


Dördünjisi Hagytdan bolan Adonyýady, bäşinjisi Abytaldan bolan Şepatýady.


Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn.


Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.


Şeýdip, Sadok ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Benaýa, keretler hem peletler gidip, Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürdiler-de, ony Gihona tarap äkitdiler.


Sadok ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdan içi zeýtun ýagly şahy alyp, Süleýmanyň başyna ýag guýdy. Soňra surnaý çalnyp, ähli adamlar: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyryşdylar.


Dawudyň Hagytdan bolan ogly Adonyýa tekepbirlik bilen: «Men patyşa bolaryn» diýdi. Ol özi üçin söweş arabalaryny, söweş arabaly esgerleri hem-de öňünden ýörär ýaly elli sany esger taýynlady.


Soňra Adonyýa: «Seniň bilen bir gürrüňim bar» diýdi. Batşeba: «Aýdyber» diýdi.


Indi meniň senden bir haýyşym bar; ony ret etme». Batşeba hem oňa: «Aýdyber» diýdi.


Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!»


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ