Onsoň Hagytyň ogly Adonyýa Süleýmanyň ejesi Batşebanyň ýanyna geldi. Batşeba ondan: «Eýgiligemi?» diýip sorady. Adonyýa hem: «Eýgilige» diýip jogap berdi.
Adonyýa şeýle diýdi: «Sen bilýärsiň, men patyşa bolmalydym, bütin ysraýyl halky meniň patyşa bolmagyma garaşýardy. Emma bu başgaça boldy, meniň inim patyşa boldy, çünki bu patyşalyk Rebdendi.