Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Onsoň Dawut ata-babalaryna gowuşdy. Ony Dawut galasynda jaýladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Онсоң Давут ата-бабаларына говушды. Оны Давут галасында җайладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 2:10
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar.


Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy.


Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn.


Ýogsam jenabym dünýäden ötenden soň, men we oglum Süleýman etmişli saýylarys» diýdi.


Hadat Müsürdekä, Dawudyň ata-babalaryna gowşandygy hem-de Ýowap goşunbaşynyň ölümi barada eşidende, ol faraona şeýle diýdi: «Maňa öz ýurduma dolanmaga rugsat ber».


Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Onuň ýerine ogly Rehabgam patyşa boldy.


Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ejesi ammonly bolup, ady Nagamady. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýam patyşa boldy.


Asa ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda, atasy Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy.


Abyýam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Onsoň onuň ýerine ogly Asa patyşa boldy.


Ýahuda patyşasy Ýehoşapadyň şalygynyň on ýedinji ýylynda Ahabyň ogly Ahazýa Samariýada Ysraýyla patyşa boldy; ol Ysraýylda iki ýyl patyşalyk etdi.


Süleýman Müsür patyşasy faraonyň gyzyna öýlenip, patyşa bilen garyndaşlyk açdy. Ol öz öýi, Rebbiň öýi hem-de Iýerusalimiň daşyndaky diwarlar salnyp gutarylýança, aýalyny Dawut galasyna getirdi.


Onsoň Süleýman Rebbiň Äht sandygyny Dawut galasy bolan Sion galasyndan getirtmek üçin, Ysraýylyň ýaşulularyny, ähli tirebaşylaryny, ysraýyllaryň urugbaşylaryny Iýerusalime, öz huzuryna ýygnady.


Onsoň Amazýanyň jesedini atlara ýükläp getirdiler-de, ony Iýerusalimde Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.


Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.


Ahaz ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Ogly Hizkiýa onuň ýerine patyşa boldy.


Ýehoram ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda, atalarynyň ýanynda jaýlandy. Onsoň onuň ornuna ogly Ahazýa patyşa boldy.


Ahazýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini arabada Iýerusalime getirip, ony şol ýerde Dawut galasynda öz guburynda, atalarynyň ýanynda jaýladylar.


Dawut galada mesgen tutdy. Şonuň üçin hem ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdylar.


Dawut ýaşy birçene baryp, garrap, mal-döwletdir şöhratdan doýup dünýäden ötdi. Onuň ýerine ogly Süleýman patyşa boldy.


Ýehoýadany Ysraýylda Hudaý we Onuň öýi üçin eden gowy işleri sebäpli Dawut galasynda patyşalaryň ýanynda jaýladylar.


Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawudyň galasynda jaýlandy. Ogly Rehabgam onuň ýerine patyşa boldy.


Dawut babatda aýtsak, ol öz wagtynda Hudaýyň maksady üçin hyzmat etdi. Ol dünýäden ötüp, ata-babalarynyň ýanynda jaýlandy; onuň jesedi çüýräp gitdi.


Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ