Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 19:3 - Mukaddes Kitap

3 Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ыляс бу хабары эшидип горкды. Ол өз җаныны гутармак үчин гачып, Яхуданың Беершеба галасына гелди. Ол хызматкәрини шол ерде галдырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 19:3
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.


Olar bu guýyny Beýerşeba diýip atlandyrdylar, çünki bu ýerde olar özara ant içişipdiler.


Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady.


Faraon bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy. Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowusy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».


Onuň uly oglunyň ady Ýowel, kiçisiniň ady bolsa Abyýady. Olar Beýerşebanyň serdarydylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ