Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 19:2 - Mukaddes Kitap

2 Onsoň Izebel Ylýasa çapar ýollap: «Ertir şu wagtlar men seniň özüňi hem şol öldürilen pygamberleriň gününe salmasam, goý, onda hudaýlar maňa-da muny we mundanam beterini görkezsin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Онсоң Изебел Ыляса чапар ёллап: «Эртир шу вагтлар мен сениң өзүңи хем шол өлдүрилен пыгамберлериң гүнүне салмасам, гой, онда худайлар маңа-да муны ве мунданам бетерини гөркезсин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 19:2
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emasa bolsa şu sözlerimi aýdyň: «Sen meniň öz süýegimden we tenimden dälmi näme? Eger şu pursatdan başlap, Ýowabyň ýerine meniň goşunbaşym bolmasaň, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan beterini görkezsin».


Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».


Onsoň Süleýman patyşa Rebden ant içip, şeýle diýdi: «Eger Adonyýa bu sözleri üçin öz jany bilen jogap bermese, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin.


Bu habar Ýowaba baryp gowşanda, ol Rebbiň çadyryna gaçyp baryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşdy. Çünki Ýowap Abşaloma däl-de, Adonyýa goldaw beripdi.


Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samariýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samariýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin».


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapadyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


Soňra faraon Musa jogap berip: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» diýdi.


Duşman diýdi: „Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin. Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn. Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.


Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Ýehoýakym patyşa bilen onuň ähli edermen urşujylary, emeldarlary onuň sözlerini eşidenlerinde, patyşa ony öldürjek boldy. Emma Uryýa muny eşiden badyna, gorkup, Müsüre gaçyp gitdi.


Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi.


Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ