Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 18:7 - Mukaddes Kitap

7 Abadýa ýolda Ylýas pygambere duşdy. Abadýa ony tanap, öňünde baş egip, oňa şeýle diýdi: «Jenabym Ylýas, bu senmisiň?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Абадя ёлда Ыляс пыгамбере душды. Абадя оны танап, өңүнде баш эгип, оңа шейле дийди: «Җенабым Ыляс, бу сенмисиң?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 18:7
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi.


Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.


Ýahuda oňa şeýle jogap berdi: «Näme diýip, näme aýtjagymyzy, özümizi nädip aklajagymyzy bilýän däldiris, jenabym! Gullaryňyň günäkärdigini Hudaý aýan etdi. Indi biziň barymyz özünden käse çykan-da, beýlekilerimiz-de siziň guluňyzdyrys».


Biz saňa garry kakamyzyň bardygyny, onuň garrandan soň bolan bir körpe oglunyň bardygyny, ol oglanyň bolsa süýtdeş doganynyň ölüp, enesiniň çagalaryndan diňe ýeke özüniň galandygyny, ony kakasynyň juda söýýändigini aýdypdyk.


Şoňa görä, oglana derek jenaba men gul bolaýyn, ol bolsa, goý, doganlary bilen bile yzyna dolansyn.


Doganlarynyň özleri-de gelip, Ýusubyň öňünde ýüzin düşüp: «Biz seniň gullaryňdyrys» diýdiler.


Olar patyşanyň öý-içerisini geçirmek üçin we onuň huzurynda islän zadyny berjaý etmek üçin, derýanyň saý ýerinden geçdiler. Patyşa Iordan derýasyndan geçen badyna, Geranyň ogly Şimgi onuň öňünde tagzym edip,


Bir gün Ýarobgam Iýerusalimden çykyp barýarka, ýolda oňa şiloly Ahyýa pygamber gabat geldi. Ahyýa täze eşikler geýipdi. Çola ýerde olaryň ikisinden başga adam ýokdy.


Şeýdip, olar aýlanmak üçin ýurdy öz aralarynda paýlaşdylar. Ahabyň we Abadýanyň hersi bir tarapa gitdiler.


Ylýas oňa: «Hawa, bu mendirin, bar, sen git-de, öz jenabyňa Ylýas şu ýerde diýip aýt» diýdi.


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Onsoň Harun Musa: «Jenabym, akmaklyk edip gazanan günämiz üçin bizi jezalandyrma.


Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Emma nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir.


Ýahýanyň düýe ýüňünden eşikleri, bilinde gaýyşdan guşagy bardy. Onuň iýmiti çekirtge bilen meýdan balydy.


Oglanjyk giden badyna Dawut günorta tarapdan peýda boldy. Ol ýüzüni ýere berip, üç gezek tagzym etdi. Soňra Ýonatan ikisi ogşaşyp aglaşdylar. Dawut has köp aglady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ