Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Patyşalar 18:3 - Mukaddes Kitap

3-4 Ahap köşgi dolandyrýan Abadýany çagyrdy. (Abadýa bütin kalby bilen Rebbe ybadat edýärdi. Izebel Rebbiň pygamberlerini öldürýärkä, Abadýa ýüz pygamberi äkidip, elli-elliden iki gowakda gizläp, çörek, suw bilen üpjün edipdi.)

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3-4 Ахап көшги доландырян Абадяны чагырды. (Абадя бүтин калбы билен Реббе ыбадат эдйәрди. Изебел Реббиң пыгамберлерини өлдүрйәркә, Абадя йүз пыгамбери әкидип, элли-эллиден ики говакда гизләп, чөрек, сув билен үпҗүн эдипди.)

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Patyşalar 18:3
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Hyzmatkär Ybraýymyň düýelerinden onusyny hem-de onuň gymmatbaha sowgatlaryndan alyp, Mesopotamiýadaky Nahoryň ýaşaýan galasyna tarap ýola düşdi.


Ybraýym öýüniň iň ulusyna, özüniň ähli işlerini dolandyrýan hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi uýlugymyň astynda goý-da, ogluma häzirki ýaşaýan ýerimdäki halkdan, Kengan gyzlaryndan gelinlik tapmajakdygyňa Gögüň we Ýeriň Hudaýy Rebden ant iç.


Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»


Sen meniň ýurdumda hökümdarlyk edersiň; halk saňa boýun eger. Men diňe şa tagtynda senden beýik bolaryn».


Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.


Ela Tirsada öz köşk emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrka, Zimri oňa garşy dildüwşük gurdy. Zimri söweş arabalarynyň ýarysynyň serkerdesidi.


Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.


Şeýdip, Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Samariýada açlyk gaty gazaplydy.


Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady.


Menden öňki bolan häkimler welin halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak kümüşden daşary azyk, şerap alýan ekenler. Olaryň hatda hyzmatkärleri-de halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim.


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


Rebden gorkýana güýçli gorag bardyr, onuň çagalaryna-da pena bolar.


Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Iki çuwal alan-da şonuň ýaly edip, ýene iki çuwal pul gazanýar.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Gaýtam, Ol Özünden gorkany we dogry iş eden her kesi milletine garamazdan kabul edýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ